Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryna buýsanja, ahalteke bedewlerine we Türkmen alabaýyna söýgi-sarpa beslenen dünýä nusgalyk ýolunyň dowamata ulaşýan döwrüdir. Hormatly Prezidentimiziň Türkmen alabaýynyň baýramyny döretmek hem-de ony her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen bilelikde bellemek hakyndaky Permany halkymyzyň milli buýsanjymyz bolan Türkmen alabaýyna goýan hormatynyň nyşany boldy.
Aprel aýynyň 22-sinde Türkmenabat şäherindäki Derýaçylyk orta hünär okuw mekdebinde medeni çäreleri gurnaýjy Şemşat Çaryýewanyň guramagynda “Türkmen bedewi, Türkmen alabaýy – biziň guwanjymyz hem buýsanjymyzdyr” atly dabaraly baýramçylyk çäre geçirildi.
Guramaçylykly geçirilen baýramçylyk çäräniň dowamynda Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli syýasatyny, Watanymyzy, türkmen bedewini, türkmen alabaýynyň wepalylygy wasp edýän ajaýyp aýdymlar, küşdepdi, tans çykyşlary ýerine ýetirildi we sergi guraldy.
Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmen alabaýy” atly eserinde “Halkyň milli gymmatyna, Kemal türkmen alabaýy” diýip belleýşi ýaly, köp müňýyllyk taryhly milletimiziň durmuşynda alabaýyň ornuny we geçmiş yzlaryny öwrenmek milli itçynaslyk tejribesini giňeltmek boýunça giň gerimli işler geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz milli gymmatlyklarymyza aýratyn hormat goýýar. Olaryň giňden öwrenilmegi, at-abraýynyň dünýä ýaýylmagy üçin yzygiderli alada edýär. Türkmeniň ahal-teke bedewi, alabaý itiniň hem sarpasy belent tutulýar.
Ata-babalarymyz bedew atlaryny hem dürli şaý-sepler bilen bezäpdirler. Bedewlerimiziň gymmatly şaý-sepler bilen bezelmegi ata-babalarymyzyň olara bolan çäksiz söýgüsinden nyşandyr. Gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan, kämil milli mirasymyz bolan şaý-seplerden göwüsbent, alagaýyş, guşgözi, guşgun, bazbent esasy bezeglerdendir
Ata-babalarymyz bedew atlaryny hem dürli şaý-sepler bilen bezäpdirler. Bedewlerimiziň gymmatly şaý-sepler bilen bezelmegi ata-babalarymyzyň olara bolan çäksiz söýgüsinden nyşandyr. Gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan, kämil milli mirasymyz bolan şaý-seplerden göwüsbent, alagaýyş, guşgözi, guşgun, bazbent esasy bezeglerdendir.
Türkmen halkymyzyň baýramçylyk senenamasyna täze baýramçylygyň goşulmagy watandaşlarymyzda uly buýsanç duýgularyny döretdi. Türkmen alabaýynyň baýramçylygynyň döredilmegi halkymyzyň milli gymmatlyklaryna aýratyn sarpa goýýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Ata – babalarymyzyň uly yhlas, höwes, zehin bilen ýetişdirýän Türkmen bedewleri dünýäde meşhurlyk gazanyp, ahalteke bedewiniň adyny, gözelligi, mertebesi äleme ýaýýar.
“Türkmen bedewiniň hem-de Türkmen alabaýynyň” güni, mynasybetli uly dabara bilen bellenilmegi bolsa biziň her birimizde uly buýsanç döredýär, kalplarymyzy şatlyk bilen gurşap alýar. Milli mirasymyzy goramaga hem-de ösdürmäge, halkymyzyň medeniýetini dünýä ýaýmakda uly tagalla edýän Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin. Goý, bedew batly ösüşlerimiz asyrlara uzasyn!